Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerimowyň mirasdüşerlik soragy ýitileşýär


Prezident Yslam Kerimow
Prezident Yslam Kerimow

Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ýurtda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň deslapky netijeleriniň 30-njy martda yglan ediljekdigini mälim etdi. 29-njy martda geçirilen saýlawyň netijesinde prezident Yslam Kerimowyň ýeňiş gazanjakdygyna garaşylýar.

Türkmenistanyň goňşularyndan biri Özbegistan ilat sany boýunça Merkezi Aziýanyň iň uly ýurtlarynyň biri hasaplanylýar. Ilatynyň 3 milion töweregi Orsýetde zähmet migranty bolup işleýän bu ýurt häzirki döwürde ençeme kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz.

Orsýetde dowam edýän ykdysady krizis sebäpli migrantlaryň ýurda iberýän puly azalýar, hatda migrantlaryň uly bir bölegi yzyna dolanyp başlady we olaryň iş bilen upjünçiligi häkimiýetleriň öňünde keserip duran problemalaryň diňe biri.

Şeýlede Özbegistan garaşsyzlygyny alany bäri ýurdy dolandyryp gelýän prezident Kerimowyň maşgalasyndaky agyzalalyklar günsaýyn artýar, onuň gyzlaryndan biri öý tussaglygynda we onuň eýeçiligindäki biznesler bolsa, hökümetiň haýryna geçirilýär.

Özbegistan ekstrimizm boýunça hem durli tapgyrlary başdan geçirdi, häzirki döwürde Siriýada dowam edýän çaknyşyklara Merkezi Aziýadan goşulan toparlaryň arasynda özbekleriň sany agdyklyk edýär.

Prezident Kerimowyň ýaşy hem ep-esli ýokarlandy. Ol ýakynda 77 ýaşyna girdi.

Kerimowyň ýaşy ýokarlandygyça, onuň mirasdüşeri baradaky soraglar hem barha güýçlenýär.

Özbegistanda bolaýmagy mümkin islendik ýagdaý Türkmenistana aýratyn täsirini ýetirer. Şu nukdaý nazardan, Azatlyk Radiosynyň ýörite gepleşikler tapgyrynyň nobatdaky bölüminde Özbegistanyň gelejek bäş ýylyna ýakyndan syn edildi.

Gepleşige öňki prezident dalaşgäri Dr. Sanjar Omarow, Merkezi Aziýada ýerleşýän garaşsyz žurnalist Joanna Lillis, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň müdiri Alişer Sidik we Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça redaktorlaryndan Bruys Panniýer dagy gatnaşdylar.

Gepleşigi Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp bardy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

*Bellik: Gepleşik 20-nji fewralda geçirildi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00

XS
SM
MD
LG