Sepleriň elýeterliligi

Dabaraly açylyşlaryň gamgyn kyssasy


DIM-iň uniwersitetiniň täze binasynyň açylyş dabarasy, Aşgabat, 1-nji sentýabr, 2011 ý.

DIM-iň uniwersitetiniň täze binasynyň açylyş dabarasy, Aşgabat, 1-nji sentýabr, 2011 ý.

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik palatasynyň welaýatlarda oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi boýunça geçiren barlaglary gurlup ulanylmaga berlen desgalaryň onlarçasynyň işe girizilmändiginiň üstüni açdy.

Bu barada Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin maslahatynda käbir sanlar yglan edildi, ýöne bu oňaýsyz ýagdaýa alyp gelen sebäpler barada anyk gürrüň edilmedi.

Türkmen telewideniýesiniň habaryna görä, 2013-2014-nji ýyllarda gurlup, dabaraly ýagdaýda açylan we ulanmaga berlen onlarça desga häzire-bu güne çenli hem işlemeýär. Bu desgalar işgärler, degişli hünärli adamlar bilen hem üpjün edilmändir.

Dabara medalynyň arka ýüzi

Resmi habarda tassyklanmagyna görä, açylan, emma işe girizilmedik desgalaryň 37-si Ahal welaýatynda, 15-si Balkan welaýatynda, 11-si Daşoguz welaýatynda, 21-si Lebap welaýatynda, 57-si Mary welaýatynda ýerleşýär.
Gürrüňi edilýän desgalaryň arasynda mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýleri we oba adamlary üçin zerur bolan beýleki binalar bar.

Şeýle-de maslahatda obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2007-nji ýylda kabul edilen milli maksatnamanyň çäginde, ýedi ýylyň dowamynda durmuş maksatly desgalaryň 832-siniň gurlandygy, bu işe 6.5 milliard amerikan dollary möçberinde serişdäniň harçlanandygy habar berildi.

Prezident Berdimuhamedow welaýatalarda ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek işine geljekde hem üly üns beriljegini, bu ugra 2020-nji ýyla çenli ýene 7.5 milliard amerikan dollary möçberinde serişde goýberiljegini aýtdy.

Anyk sebäpler aýdylmaýar

Ýöne dabaraly açylyp, habar serişdelerinde uly ile yglan edilen onlarça desganyň işiniň näme üçin, haýsy sebäpler esasynda şeýle gijikdirilendigi, bu oňaýsyz ýagdaýyň ähli welaýatlara mahsus bolmagynyň mümkin bolan obýektiw ýa-da subýektiw esaslary baradaky detallar aýdylmady.

Şol bir wagtda, bökdençligiň sebäpleri açyk aýdylmazdan, 2013-2014-nji ýyllarda dabaraly açylyp, şu wagta çenli ulanylman duran desgalaryň gelýän dört-bäş aý içinde, ýagny iýula çenli işe girizilmegi talap edilýär. Bu barada prezident degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi we bu ugurda edilen işleriň hasabynyň soraljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow ulanlmaýan desgalaryň derňewini iýul aýyna çenli dowam etdirmegi, şol möhletde işe girizilmedik desgalar bar bolsa, bu desgalar bilen bagly işiň prokuratura geçiriljegini duýdurdy.

Mundan başga, Ministrler kabinetiniň giňişleýin maslahatynda Türkmenistanyň prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurduň ilatynyň uly böleginiň welaýatlarda, etrap we oba ýerlerinde ýaşaýandygyny, emma welaýatlardaky ilatyň durmuş derejesini gowulandyrjak proýektlere garanda paýtagtdaky gurluşyklara, köşklere, aeroporta, «Awaza», «Altyn asyr» türkmen köli ýaly proektlere has kän döwlet serişdesiniň goýberilýändigini, bu ýagdaýyň oba adamlarynyň iş mümkinçiliklerini kynlaşdyrýandygyny, olaryň gazanç gözläp paýtagta, başga ýurtlara gatnamagyna getirýändigini aýdýarlar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, anna güni geçirilen mejlisde hem «Ak mermerli paýtagty ösdürmäge» degişli ýene iki karara gol çekildi, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa bolsa, paýtagtyň Abadan etrabyndaky gurluşyklaryň barşyna esewan etmek wezipesi ýüklendi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG