Sepleriň elýeterliligi

Dubaý binasy otlandy


21-nji fewral säheri müňlerçe adam, ýangyn sebäpli, Dubaýyň iň beýik binasyndan ewakuasiýa edildi.

79 gat binanyň ýokarky gatlaryndan ýanýan zatlaryň aşak gaçyşyny görmek bolýardy.

336 metr beýiklikdäki binada turan ýangyn 50-nji gatda başlanyp, biraz soň 70-nji gatdan hem ýokaryk ýaýrady diýip, Aýlak gazeti habar berdi.

Ýangyn söndürijileriň edýän tagallalaryna garamazdan, güýçli ýel ýangyny öçürmegi kynlaşdyrdy.

Ýerli media binadan gaçyp çykan adamlaryň tüsseden bogulmak zerarly bejergi alýandygyny habar berýär, ölenler bar diýip aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG