Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa karzçylary bilen ylalaşdy


Gresiýa bilen onuň ýewro zonasyndaky 19 döwletden ybarat karzçylary 20-nji fewralda bu ýurduň halas ediş karzlaryny giňeltmek barada ylalaşyga geldi.

Jeroen Daýselbloem (Jeroen Dijsselbloem), ýewro zonasynyň ýokary derejeli resmisi bu şertnamada Gresiýa karz bermegiň möhletini dört aý uzaltmak barada ylalaşylandygyny aýtdy.

Grek hökümeti karzlaryň alty aý berilmegini sorapdy. Muňa derek, Gresiýa ýurduň býujet nyşanalarana täsir ýetirjek hiç bir çäre görmezlige razy boldy.

XS
SM
MD
LG