Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan iki yslamça ýyl kesdi


Gazagystanyň Temirtau şäheriniň sudy radikal yslama eýerijileriň iki sanysyna, terror hüjümlerini planlaşdyrmak aýyplamalary esasynda, uzak möhletli türme tussaglygy hökümlerini çykardy.

Gazak raýatlary Dmitriý Nikolaýew we Adilet Temirkanow degişlilikde 11 we 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Nikolaýew Siriýadaky yslamçy söweşijilere goşulmazyndan öň biraz Müsürde bolupdyr.

Sülçüler bu iki erkegiň gazak erkeklerini we aýallaryny Siriýadaky yslamçy jeňçileriň hatarynda söweşmäge çekjek bolandyklaryny aýdýarlar.

Nikolaýew Timirtauň golaýyndaky harby baza we polisiýa stansiýasyna hüjüm gurnamagy planlaşdyrandygyny boýun aldy.

Gazak häkimiýetleri 2014-nji ýylda 300 çemesi gazagyň yslamçy pitneçilere goşulmak üçin Siriýa gidendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG