Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Goranmak sekretary Kabula geldi


ABŞ-nyň täze goranmak sekretary öňünden yglan edilmedik sapar bilen Kabula geldi.

Aş Karter ABŞ güýçleriniň ýurtdan çykmagy bilen gazanylan üstünligiň berkligine göz ýetirmek üçin owgan we amerikan resmileri bilen duşuşmak isländigini aýtdy.

Ol owgan prezidenti Aşraf Gani bilen bilelikde çykyş eden metbugat ýygnagynda şeýle diýdi:

«Biziň pikirini edýän zatlarymyzyň ählisiniň umumy özeni, biziň pikirlenişimize täsir edýän iň esasy faktor prezident Aşraf Gani bilen baş ýerine ýetiriji Abdylla Abdyllanyň bütewi hökümetiniň wekilçilik edýän özgerişligi, bu kadalylykdan, çak edip bolaýan geljekden, biziň birnäçe aý mundan ozal hem palanlaşdyryp bilmedik progresimizden habar berýär. Bu esasy özgerişlik" diýip, Aş Karter aýtdy.

Amerikan goşunlary özleriniň Owganystandaky söweş missiýalaryny 2014-nji ýylyň dekabrynda soňladylar.

Emma bu ýurtda olaryň kiçiräk tälim missiýasy saklanyp galdy we olar owganlara estremist toparlara garşy göreşmekde maslahatçy bolýarlar.

XS
SM
MD
LG