Sepleriň elýeterliligi

Moskwada "anti-Maýdan" ýöriş boldy


Moskwanyň merkezine ýygnanan müňlerçe adam, öz nukdaý nazarlaryndan, goňşy Ukrainada bolan «döwlet agdarylyşygynyň» ilkinji ýyl dönümini belledi.

Kremlçi ýöriş «Maýdandan bärki bir ýyl. Biz unutmarys! Biz bagyşlamarys!" diýen şygar astynda gurnaldy.

2014-nji ýylyň fewralynda Kiýewde bolan hökümete garşy protestler Orsýet tarapyndan goldanylýan prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetden çetleşdirilmegine sebäp bolupdy. Ol şondan bäri Orsýetde ýaşaýar.

Ýanukowiçiň ýerine saýlanan prezident Petro Poroşenko 20-nji fewralda rus prezidentiniň uly kömekçisini bir ýyl ozal Ýewromaýdan protestçilerini nyşana alan diýip ynanylýan mergenleri ugrukdyrmakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG