Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Goşmaça sanksiýa pikiri edilýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň Orsýete garşy, goňşy Ukraina babatdaky «namart çemeleşmeleri» üçin, goşmaça sanksiýalary girizmegiň pikirini edýändiklerini aýtdy.

Kerri bu sözleri 21-nji fewralda, Londonda britan kärdeşi Filip Hammond bilen gepleşiklere başlanda aýtdy.

Ol Orsýet soňky günleriň dowamynda «düýpden bihaýa we utançsyz prosese» girdi diýdi.

"Biz goşmaça sanksiýalar, goşmaça tagallalar barada gepleşýäris " diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Hammond hem Orsýeti geçen hepde Minskde gol çekilen ýaraşyk şertnamasyny bozmakda tankyt etdi.

XS
SM
MD
LG