Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýe Siriýadaky osman mazaryny göçürdi


Harby maşynlara münen ýüzlerçe türk esgeri Siriýanyň Kobani şäherine baryp, ol ýerdäki osman mazaryny we ol mazary goraýan onlarça türk esgerini ewakuasiýa etdi.

Premýer-ministr Ahmet Dawutoglu 22-nji fewralda öten agşam geçirilen operasiýanyň «örän üstünlikli» bolandygyny aýtdy.

«Türk goşunlary Siriýa 100 harby tehnika - 39 tank we 57 bronly maşynda, 572 esger bilen girdi” diýip, Dawutoglu aýtdy.

Türk mediasy bu operasiýa mahalynda bolan hadysada bir türk esgeriniň öldürilendigini habar berdi.

Dawutoglu Türkiýäniň bu missiýa üçin rugsat ýa kömek almaga çalyşmandygyny, emma «Yslam döwleti» toparyna garşy gurnalan halkara koalisiýadaky ýaranlary operasiýa başlanandan soň habardar edendigini aýtdy.

Ol osman imperiýasyny esaslandyryjynyň atasy Suleýman şanyň mazarynyň «Siriýada täze bir ýere iberiljegini» aýtdy.

XS
SM
MD
LG