Sepleriň elýeterliligi

Tribunal Türkmenistany mamla tapmaýar


Aşgabat, açyş dabarasy: prezident S.Nyýazow (O), ministr G.Berdimuhamedow (S), türk biznesmeni Ahmet Çalyk (Ç).

Aşgabat, açyş dabarasy: prezident S.Nyýazow (O), ministr G.Berdimuhamedow (S), türk biznesmeni Ahmet Çalyk (Ç).

Tribunalyň 13-nji fewraldaky mejlisine angliýaly arbitr Julian Lýu ýolbaşçylyk etdi we Türkmenistanyň türkiýeli Muhammet Çapyň we onuň maşgalasynyň eýeçiligindäki Sehil kompaniýasynyň 300 million amerikan dollary möçberindäki şikaýatyny ýuridiki taýdan ret etmesini ýerliksiz tapdy.

ICSID-iň, Inwestisiýa dawalaryny çözýän halkara merkeziň tribunaly, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda baglaşylan Ikitaraplaýyn inwestisiýa şertnamasy (IIŞ) esasynda , maýadarlaryň halkara arbitraž suduna ýüz tutmazlaryndan öň ýerli sud proseslerinden geçmekleri zerur däl diýen netijä geldi.

Kyriaki Karadelisiň globalarbitrationreview.com saýtynda ýazmagyna görä, bu karar tribunalyň maýa şertnamasyna ozal beren düşündirişinden yza çekilendigini aňladýar.

Biragyzdan çykarylan karar

Şweýsar-fransuz kanunçylygy boýunça professor Laurence Boisson de Chazournes, belgiýaly Bernard Hanotiau dagynyň gatnaşmagynda geçen tribunal IIŞ-iň (Ikitaraplaýyn inwestisiýa şertnamasynyň) VII maddasynyň kabul edýän döwletiň sudlaryna ýüzlenmek borjuny öz içine almaýandygy barada biragyzdan karar çykardy.

Tribunal şertnamanyň halkara arbitraž suduny saýlap alan maýadarlara, dawa açyp, şikaýat arzasyny berenlerinden soň alty aýyň dowamynda, öz şikaýatlary bilen üç arbitraž sudundan birine ýa-da kabul eden döwletiň sudlaryna ýüzlenmäge ygtyýar berýändigini ýüze çykardy.

Şertnama ýerli sudlara ýüz tutanlaryň halkara arbitraž suduna diňe bir ýyldan soň, sud gutarnykly karar çykarmadyk ýagdaýynda ýüzlenmegine ygtyýar berýär diýip, arbitrler aýtdylar.

Bu karar ICSID-iň, inwestisiýa dawalaryny çözýän halkara merkeziň tribunalynyň 18 aý ozal çykaran kararyna ters gelýär, şol kararda Türkiýäniň «Kilic» gurluşyk kompaniýasynyň Türkmenistanyň garşysyna eden şikaýaty ret edilipdi, ýagny köplük tarapyndan çykarylan karar şol gürrüňi edilýän Ikitaraplaýyn inwestisiýa şertnamasynyň ýerli sudlara ýüz tutmagy talap edýändigini tassyklapdy.

«Kilic» häzir bu kararyň ICSID-iň ýörite komissiýasy tarapyndan ýatyrylmagyny gazanmaga çalyşýar.

Çap bilen Sehiliň şikaýatynda Türkmenistan Ikitaraplaýyn inwestisiýa şertnamasynyň üç alternatiw wersiýasynyň hem VII maddasynda ýerli sud proseslerinden geçmek talabynyň bardygyny öňe sürdi.

Şertnamanyň üç wersiýasy diýlende onuň resmi kabul edilen, ýagny iki döwlet tarapyndan gol çekilen iňlisçe we rusça görnüşleri, birnäçe aý soň türk parlamentine bermek we türk metbugatynda çap etmek üçin taýýarlanan türkçe görnüşi nazarda tutulýar.

Mesele terjimedemi ýa ýerli şertlerde?

Döwlet şertnamanyň iňlisçe görnüşiniň ikuçlydygyny boýun alan bolsa-da, onuň rusça görnüşi aýdyň we ýerli sud proseslerinden geçmekligiň hökmany şert bolup durýandygy açyk aýdylýar diýen pikiri öňe sürdi.

Şikaýatçylar şertnamanyň rusça we iňlisçe görnüşleriniň ikisinde hem goşmaça sud seljerişligi teklibiniň bardygyny aýtdylar we şertnamanyň türkçesine asyl nusga hökmünde çemeleşmeli däldigini bellediler.

Şeýle-de olar, IIŞ-de ýerli sudlara ýüzlenmek talaby bolaýanda hem, şertnamadaky ileri tutulýan döwlet durumynyň olara bu talapdan sowa geçmäge rugsat berýändigini, munuň üstesine, Türkmenistanyň sud-kanunçylyk sistemasynda bar diýilýän gowuşgynsyzlyklar we eden-etdilikler sebäpli, ýerli sudlara ýüz tutmagyň peýdasyz boljagyny aýtdylar.

Taraplar geçen ýylyň ýanwar aýynda şertnamanyň VII maddasynyň manysy barada berlen düşündiriş hakynda aýratyn diňlenişik geçirmek barada ylalaşyga geldiler.

ICSID paneli ýedi şaýadyň, şol sanda iňlis, rus dilleri boýunça ekspertleriň, IIŞ taslamasyny taýýarlamaga kömekleşen türk aklawçysynyň hem pikirlerini diňledi.

Arbitrler delilleri derňäp, şertnamanyň başda türk hökümeti tarapyndan iňlis dilinde ikuçly dilde taslanandygy, soňra onuň türkmen häkimiýetleri tarapyndan iňlisçeden rus diline terjime edilendigi baradaky netijä geldiler.

Şeýlelikde, olar şikaýatçylaryň şertnamanyň rusça we iňlisçe görnüşleriniň ikisiniň hem ikuçly bolup çykandygy baradaky pikirleri bilen ylalaşdylar.

Şikaýatçylar Türkmenistanda galan zyýanlarynyň öwezini dolmak maksady bilen ICSID-e, Inwestisiýa dawalaryny çözýän halkara merkeze 2012-nji ýylda ýüz tutdylar.

Türkiýäniň Içkale kompaniýasy hem IIŞ boýunça ICSID-e şikaýat edýär.

Tribunalda bahalar baradaky meselä seretmek soňa goýuldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG