Sepleriň elýeterliligi

Hytaý Mudiniň saparyny ýazgarýar


Hytaý Hindistanyň ilçisini çagyryp, premýer-ministr Narendra Mudiniň Himalaý serhet regionyndaky dawaly ýerlere sapar etmegine protest bildirdi.

Mudi 20-nji fewralda Hindistanyň demirgazyk-gündogar ştaty bolan Arunaçal Pradeşe sapar etdi. Hytaý bu territoriýanyň 84000 kwadrat kilometriniň öz Tibet sebitine degişlidigini aýdýar.

Bu iki ýurduň arasynda 1962 ýylda aýlap dowam eden we 2000 çemesi esgeriň ölümine getiren uruşdan soň idili serhet kesgitlenmesi bolmady.

Mudi Arunaçal Pradeşiň ştat diýlip yglan edilmeginiň 28 ýyllygyny belledi we ol ýerde demirýol ulgamyny açdy.

XS
SM
MD
LG