Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdad: ilkinji zenan häkim bellendi


Yragyň Ýokary bilim ministrliginiň bir resmisi Bagdadyň häkimligine bellendi. Bu yrak şäherinde aýal adama şeýle ýokary adminstratiw wezipäniň ilkinji gezek berlişidir.

Yrak hökümetiniň sözçüsi bu karary 21-nji fewralda yglan etdi we gurluşykçy inžener, Ýokary bilim ministrliginde baş direktor bolup işlän Zekra Alwaçyň 22-nji fewraldan Bagdadyň häkimi bolup işe başlajagyny aýtdy.

Yragyň premýer-ministri Haýdar al- Abadi 17-nji fewralda Bagdadyň iş başyndaky häkimi Naim Abob al-Kaabi giň ýaýran korrupsiýa we paýtagtdaky zorlukly wakalar sebäpli işden boşatdy.

Alwaç, paýtagtdaky iň möhüm adminstratiw wezipäniň eýesi hökmünde, Abadi bilen göni işleşer.

XS
SM
MD
LG