Sepleriň elýeterliligi

"Birdman" filmi dört Oskar baýragyny aldy


“Birdman” filminiň režissýory Alehandro G. Inarutti.

“Birdman” filminiň režissýory Alehandro G. Inarutti.

Meksikaly režissýor Alehandro G. Inaruttiniň (Alejandro G. Inarritu) “Birdman” atly komediýasy 22-nji fewralda Los-Anjelos şäherinde geçirilen Oskar dabarasynda dört Oskar baýragyna mynasyp boldy.

Şeýle-de, Inarutti öňki gahryman aktýoryň gaýtadan Broadwaý sahnalaryna dolanmaga synanyşýan pursatlaryny görkezýän filmi esasynda iň gowy režissýor baýragyna eýe boldy.

Ýöne weteran Maýkl Kiton (Michael Keaton) “Birdman” filminde ýerine ýetiren keşbi esasynda iň gowy aktýor baýragyny alyp bilmedi.

Bu baýragy britaniýaly aktýor Eddi Redmaýne (Eddie Redmayne) mynasyp bolup, iň gowy aktrisa baýragyna Jullianne Moore eýe boldy.

XS
SM
MD
LG