Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek ruhanysynyň ogluna haýbat atylýar


Tanymal özbek ruhanysynyň ogly özüne haýbat atylýandygyny aýdýar. Obidhon Kori Nazarow mundan üç ýyl öň Şwesiýada bolan ok atyşykda agyr ýaralanypdy.

Obidhon Kori Nazarow 2012-nji ýylyň fewral aýynda Şwesiýanyň Stromsund sebitinde bolan şol ok atyşykda atylyp ýaralanany bäri keselhanada saklanylýar.

2006-njy ýylda Şwesiýadan syýasy gaçybatalga alan Nazarow özbek prezidenti Yslam Karimowyň iň güýçli garşydaşlarynyň biri hasaplanylýar.

22-nji fewralda onuň ogly Dowudhon Nazarow Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, ýakynda Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň agentleriniň özüne haýbat atandygyny aýtdy.

Nazarowyň aýtmagyna görä, şwed polisiýasy Nazarowy we onuň maşgalasyny “çäkli derejede howpsuzlyk işgäri bilen” üpjün edipdir. Şeýle-de, Nazarow özleriniň nyşana alynmagynyň öňüni almak üçin, Şwesiýada bir sebitden başga bir sebite göçýändiklerini belleýär.

XS
SM
MD
LG