Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Tanymal aktiwist bäş ýyl türmä höküm edildi


Müsüriň sudy tanymal aktiwist Alaa Abdel Fattahy demonstrasiýanyň geçirilişini çäklendirmegi göz öňünde tutýan kanuny bozmakda aýyplap, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Bu baradaky karar 23-nji fewralda Abdel Fattahyň sud işine gaýtadan seredilen mahaly kabul edildi. Ol mundan öň resmi taýdan ykrar edilmedik proteste gatnaşmakda we polisiýa ofiserine hüjüm etmekde aýyplanyp, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Tanymal blogger we hökümetiň tankytçysy Abdel Fattahyň aklawçylary hökümiň “agyrdygyny we hopukdyryjydygyny” aýdyp, ony Müsüriň Kassasion suduna şikaýat etjekdiklerini bellediler.

XS
SM
MD
LG