Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ukraina ýaraglaryny yza çekmeýär


Ukrain harbysy, orsýetçi separatistleriň ok atyşygy doly bes etmändigini aýdyp, konfliktiň dowam edýän uruş liniýalaryndan öz agyr ýaraglaryny yza çekip başlamajakdygyny aýdýar.

Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleriniň araçylyk etmeginde gelnen ylalaşyga laýyklykda, ukrain hökümet güýçleri we gozgalaňçylar 15-nji fewralda ok atyşygy bes edip, iki günden soňa goýman agyr ýaraglaryny yza çekip başlamalydylar. Munuň netijesinde olar azyndan 70 kilometr giňişligindäki howpsuzlyk zonasyny döretmelidiler.

Ukrain harbysynyň metbugat wekili Anatoliý Stelmahyň 23-nji fewralda beren maglumatyna görä, separatistleriň goşuny strategik taýdan ähmiýetli Debalsewe şäheriniň kontrollugyny ele salandan soň, soňky günlerde hüjümleriň gerimi öňküsinden azalsa-da, gijäň ýary gozgalaňçylar hökümet güýçlerine iki gezek hüjüm edipdir.

XS
SM
MD
LG