Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ýadro programmasy maslahat edilýär


Eýranyň daşary işler ministri M.J.Zarif, Atom agentliginiň başlygy A.Salehi ABŞ-nyň döwlet sekretary J.Kerri we energiýa boýunça sekretary E.Moniz bilen duşuşyk geçirýärler.
Eýranyň daşary işler ministri M.J.Zarif, Atom agentliginiň başlygy A.Salehi ABŞ-nyň döwlet sekretary J.Kerri we energiýa boýunça sekretary E.Moniz bilen duşuşyk geçirýärler.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Tähranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriniň ikinji gününi geçirýärler. Olar öz öňünde, Eýranyň we dünýäniň iň kuwwatly alty döwletiniň arasynda gelnen çäkli ylalaşygyň kesgitlän möhleti dolýança, bar bolan boşluklary azaltmak maksadyny goýýarlar.

Kerry we Zarif ABŞ-nyň energiýa boýunça sekretary Ernest Moniz we Eýranyň ýadro boýunça başlygy Ali Akbar Salehi bilen bilelikde 23-nji fewralda ýene Ženewada duşuşyp, mundan bir gün oň geçiren gepleşiklerini dowam etdirdiler.

Bu duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler gullugynyň syýasy müdiri Helga Şmid hem gatnaşdy.

ABŞ, Orsýet, Hytaý, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek barada Tähran bilen ylalaşyga gelmegiň ugrunda tagalla edýärler. Günbatar hökümetleri Eýranyň ýadro programmasynyň ýadro ýaragyny öndürmek üçin niýetlenýänliginden howatyrlanýarlar. Olar, Eýran öz ýadro programmasyny çäklendiren ýagdaýynda, ykdysady sanksiýalary azaltmagy wada berýärler.

Geçen ýylda kesgitlenen iki sany wagt möhletiniň geçmegi bilen, dünýä liderleriniň altysy we Eýran martyň aýagynda çäkli ylalaşyga we 30-njy iýuna çenli doly ylalaşyga gelmäge çalyşýarlar.

Çözülmegi “ähtimal”

Reuters täzelikler agentligi Eýranyň wezipeli resmisine salgylanyp, iki tarapyň-da “bar bolan meseleleri çözmeginiň” ähtimaldygyny habar berdi.

Eýranyň resmisi "Boşluklar heniz saklanýar we gepleşik geçirýänler umumy nokatlara ýetmek ugrunda tagalla edýärler” diýip, gepleşikleriň geçişini “gowy, emma örän çylşyrymly” pursat hökmünde häsiýetlendirdi.

Reutersiň maglumatyna görä, Döwlet departamentiniň resmisi gepleşiklerde “meseleleriň ählisiniň diýen ýaly” gozgaljakdygyny aýdypdyr.

Eýranyň ýadro programmasy boýunça 12 ýyl bäri dowam edýän dawa öz wagtynda Ýakyn Gündogardaky dartgynlylygyň üstüne urna bolup, täze uruş ojagynyň döremegi baradaky gorkulary tutaşdyrypdy.

Eýran öz ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilýändigini, şol sanda energiýa öndürmek üçin niýetlenýändigini aýdýar, emma Tähranyň urany baýlaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri Günbatarda we BMG-niň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginde aladalanma döredýär.

Diplomatik aktiwlik

Kesgitlenen wagtyň möhletiniň dolýan pursatynyň golaýlamagy bilen bu ugurdan halkara derejesinde diplomatik aktiwlik hem güýçlendi.

Gepleşiklere gatnaşýan ýedi ýurduň resmileri 22-nji fewralda Ýewropa Bileleşiginiň Ženewadaky missiýasynda geçirilen 90 minutlyk duşuşyga gatnaşdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama gepleşikleriň dowam etdirilmegi üçin düýpli esas bolmasa, olaryň dowam etdirilmeginiň manysyzdygyny aýtdy.

21-nji fewralda Jon Kerry Obamanyň aýdanlarynyň çynlakaý kabul edilmelidigine şübhe ýokdugyny belledi.

Kerry Obamanyň Eýran tarapynyň öz programmasynyň hakykatdanam parahatçylykly maksada gönükdirilendigini tassyklamak üçin gepleşiklere oňyn niýet bilen çemeleşýändigi duýulmasa, bu gepleşikleri doly togtatmaga taýýar bolandygyny belledi.

Eýranyň daşary işler ministri Zarif prezident Hassan Rohaniniň gysga möhletli ownuk ylalaşyga ýa-da dürli hili düşünip bolýan aşa giň ylalaşyga razy bolmajagyny mälim etdi.

Obama öz ýurdunda we Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu tarapyndan basyş edilýär. Netanýahu Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmeginiň öňüni almaga ukypsyz bolan islendik ylalaşyga garşy boljagyny duýdurdy.

XS
SM
MD
LG