Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Ýüz dollary özüme ber


Karikatura.
Karikatura.

Nädip nahal bolmaly

Bir gezek (XX asyryň 70-nji ýyllary), ýaş ýazyjy—şahyrlaryň meýlis-oturylşygynda edebiýatda özüňi ykrar etdirmek üçin Nahal (şermende adam) bolmalydygy hakda gürrüň edildi. Ilkinji goşgulary ýaňy çap bolan Dädebaý Amanow şol gün gije ýary adygyp ugran Atamyrat Atabaýewin öýüne barýar. Atamyrat başda gatyrganýar, ýöne Dädebaýyň elinde arak çüýşesini görüp, çüýşeden geçip bilmän “Öýe gireli!” diýýär. Çüýşe boşadylýar. Dädebaý “Atamyrat, iller saňa “Nahal” diýýärler. Nädip Nahal bolmaly, ony maňa-da öwret” diýýär. Boşan çüýşäni bir gapdala oklan Atamyrat:

-Gije ýary serhoş halda kişi gapysyny kakmak Nahallygyň çürbaşydyr, şu ýoly sypdyrma -diýipdir.

Şikaýat

Iki dost, ýazyjylar Kömek Kulyýew bilen Guldurdy Sähetdurdyýew köplenç bile namaz okaýar. Bir gezek namaz okap bolanlaryndan soňra Kömek “Alla, maşynym döwüldi. Ony bejertmäge ýüz dollar gerek. Maňa ýüz dollar ber!” diýip, namazlykda otyrkalar dileg edipdir. Dostuna dözmedik Guldurdy jübüsindäki elli dollary Kömegiň öňünde goýupdyr. Kömek:

-“Bendämiň eli bilen bererin, bendämiň eli bilen alaryn” diýen sözüň hak eken. Indiki gezek ýüz dollar berseň, ony özüme ber! Guldurda berseň, ýarysyny alyp galýar” -diýip, Alla şikaýat edipdir.

Gyzyl çyra

Men gijiräk, XX asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda sürüjilik şahadatnamasyny edinip, awtoulag sürüp başladym. Bir gezek awtoulag dyknyşygyndan howpum basylyp, aljyrap gelşime swetoforda gyzyl çyra ýanyp durka, çatyrykdan geçdim. Çatyryga golaý duran GAI-niň (Raýat Awtoulag Inspeksiýasy) işgäri saklady. “Leýtenant Pylanyýew, gyzyl çyrada çatyrykadan geçdiňiz, dokumentleriňizi beriň!” diýdi.

Düzgüni bozanymy bilýärdim, ýöne ony boýun alman, dokumetlerimi oňa uzadyp durşuma “nirdenem şu çatyrykdan geçdim. Şonda swetoforda ýaşyl çyra ýanýardy. Şonuň üçin ýaňy üns bermändirin” diýdim. Degişme-henege düşünýän ýigit eken. Ol:

-Agam, indiden beýläk şu çatyrykdan geçeňde ünsli bol. Görýäňmi, swetofor gyzyl ýanyp dur. Ýoluň ak bolsun! -diýip, sag elini gulagynyň deňine ýetirdi.

Biten haýyş

SSSR döwri ýazyjy boljak bolan körzehin Garaşsyzlyk ýyllary mollaçylyga baş goşdy. Ol ýazyjy Azat Rahmanowyň ýanyna baryp “Maşyn edindim. Iniň polkownik Abraý Raýat Awtoulag inspeksiýasynda uly wezipede işleýär. Maňa oňat nomer-döwlet belgisini bersin. Adamlar maşynymyň nomerini görende molladygymy tanasyn” diýipdir.

Azat onuň ýanynda inisine jaň edip, molla kömek etmegi haýyş edipdir. Molla Abraýyň ýanyna barýar. Abraý “Pylan otaga bar, diýen nomeriň taýyn” diýýär. Molla bir salymdan “37-40” belgili nomeri alyp gelýär. “Bü nomer maňa gerek däl” diýýär. Abraý:

-Molla aga, üçlük san, adamyň üçüni, ýedilik san adamyň ýedisini, kyrk adamyň kyrkyny aňladýar. Men “Mollanyňky “Waý” bilen” diýen paýhasa eýerip, şu nomeri size berdirdim” diýipdir.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.

XS
SM
MD
LG