Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

F.Bozbeý: "Suduň netijesi Aşgabadyň işini agyrlaşdyrýar"


Aşgabat.
Aşgabat.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Arbitraž sudy Türkmenistanyň türk kompaniýasynyň 300 million amerikan dollary möçberindäki şikaýatyny ýuridiki taýdan ret etmesini ýerliksiz tapdy.

“Sehil” türk kompaniýasy Türkmenistandan çykarylandan soň, türkmen hökümetiniň öz emlägini ele geçirendigini we özüne bermeli karzyny tölemändigini aýdyp, Aşgabady Arbitraž suduna şikaýat edipdi.

“Sehil” Türkmenistanda dürli pudaklarda iş alyp baran we soňra türkmen hökümeti tarapyndan ýurtdan çykarylan 25 türk kompaniýasynyň biridir. Olaryň ählisi bilelikde Türkmenistanyň özlerine 1,5 milliard amerikan dollary çemesi bergisiniň bardygyny aýdýarlar. Bu kompaniýalaryň käbirleri Türkmenistany suda berdi we käbirleri bolsa, indi suda bermegi planlaşdyrýar.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir Türkmenistanda iş alyp baran “Bozbeý Inşaat” türk kompaniýasynyň direktory Faruk Bozbeýden Arbitraž sudunyň Türkmenistan barada çykaran täze karary hakda garaýyşlaryny we özüniň Türkmenistana garşy gozgan sud işiniň häzirki ýagdaýy barada gürrüň bermegini sorady.

Azatlyk Radiosy: Türkiýäniň “Sehil” gurluşyk kompaniýasynyň Türkmenistan bilen bagly ICSID, ýagny Inwestisiýa dawalaryny çözýän halkara merkeziň tribunalyndaky diňlenişigiň nobatdaky tapgyrynyň netijesi boýunça iň möhüm maddalar, siziň pikiriňizçe, nämelerden ybarat?

Faruk Bozbeý: “Sehil” gurluşyk kompaniýasynyň sud işi agzalan şol sudda dowam edýär, ol türk şirketleri tarapyndan Türkmenistana garşy gozgalan iň uly sud diňlenişigi diýlip hasaplanýar. Gürüňi edilýän maýanyň möçberi 450 million dollar töweregidir.

Kararyň iň möhüm maddasy şundan ybarat. Resmi Aşgabat, goýlan maýalary goramak boýunça Türkiýe bilen aradaky ylalaşyga esaslanyp, Türkmenistan bilen baglanyşykly problemalara ilki bilen Türkmenistanyň sudlarynda garalmagyny, dawanyň diňe şondan soň daşary ýurt sudlaryna berlip bilinjegini aýdyp, halkara sudlarda türk firmalary tarapyndan gozgalan sud işlerine garşy çykyp gelýärdi.

“Sehil” gurluşyk firmasynyň sud işi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň bu şikaýaty ret edildi. Bu karar gaty möhüm, sebäbi bu mundan beýläk geçiriljek şeýle sud işleri üçin esas bolup hyzmat eder.

Bilşiňiz ýaly, häzirki döwürde diňe türk şirketleri tarapyndan Türkmenistana garşy gozgalan sud işleriniň sany 25 töweregi we Türkmenistandan talap edilýän algynyň mukdary bolsa 1,5 milliard dollara barabar. Türkmenistanyň mundan beýläk bu meselede garşy çykmaga hukugy ýok.

Azatlyk Radiosy: Bu netije gürüňi gidýän beýleki 25 firmanyň nukdaýnazaryndan nämäni aňladýar? Ýagny, bu Türkmenistanyň häkimiýetleriniň garşysyna şikaýat bilen suda ýüz tutan beýleki kärhanalaryň işine nähili täsir ýetirer?

Faruk Bozbeý: Bu halkara sudy tarapyndan çykarylan karar bolany üçin, beýleki sudlar hem şondan ugur alarlar diýip pikir edýärin. Barybir beýleki sud işleriniň köpüsine-de şol karary çykaran sudda garalýar.

Diýjek bolýanym, beýleki sud işleriniň-de Dünýä bankyna degişli şol sudlarda dowam edýändigi sebäpli, Türkmenistanyň şol madda boýunça şikaýatyna mundan beýläk ähmiýet berilmez.

Sud diňlenişikleri dowam edýär, öňümizdäki aýda möçberi 300 million dollar töweregi bolan iş boýunça beýleki bir sud işine garalmaly, ol 9-njy martda başlanýar. Aprel aýynda möçberi 95 million amerikan dollar töweregi bolan dawaly iş boýunça ýene bir sud diňlenişigi başlanjak. Şol diňlenişikleriň ikisi hem “Sehil” gurluşyk firmasynyň diňlenişigi geçirilen sudda bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Siziň öz firmaňyz bilen bagly gozgan sud işiňiz häzir haýsy tapgyrda dur?

Faruk Bozbey: Meniň gozgan sud işim edil häzirki döwürde duruzyldy. Sebäbi Türkmenistanyň sud çykdajysyny hem meniň tölemegimi islediler. Şol wagt maliýe ýagdaýym gowy bolmanlygy sebäpli, men ol talaby kabul etmedim.

Men häzir ýeterlik serişde topladym we sud işimi gaýtadan başlamagy planlaşdyrýaryn, meniň sud işim bilen bagly diňlenişik hem edil şol sudda geçiriler. Meniň Türkmenistana garşy gozgan sud işimdäki maýanyň mukdary 62 million amerikan dollary töweregi.

Azatlyk Radiosy: Sud işiňiziň detallary hakda hem gysgajyk maglumat beräýseňiz?

Faruk Bozbeý: Meniň şirketim Türkmenbaşynyň halkara fondy bilen bilelikde iş alyp barýardy. Şol fond bize 5 müň gektar ýer beripdi we ol ýerde biz pagta ekdik, kärhana gurduk, bugdaýam ekdik, un öndürdik.

Bugdaý halka satyldy, pagta ýagyny öndürip satdyk, pagtamyzy daşary ýurtlara eksport etdik. Bu eksportdan Türkmenistanyň döwlet gaznasyna girdeji girdi. Alyp barýan bu işlerimiz salgytdan boş diýip, biz başda ylalaşypdyk.

Aradan bäş-alty ýyl geçensoň, maňa sen salgyt tölemeli diýdiler, hatda mundan ozalky ýyllar üçin hem salgyt tölemegimi talap etdiler. Biziň girdejimiziň 30%-i barybir Türkmenbaşynyň fonduna tölenýärdi we salgydyň möçberini hem 55% diýip kesgitlediler.

Ikisini jemläp alanyňda, şirketimizi öz girdejisiniň 85%-ini hökümete tölemeli etdiler. Munuň ýaly şertlerde işlemek üçin adam däli bolmaly. Şirketimizden salgyt alynmaly däl diýlen dokumentler bar we girdejimizden 30% paýy hem aldylar.

Sözümi diňlemediler we tölejek däl diýsem, 15 ýyl iş kesip, türmä basdylar. Tejende we Baýramlyda ýatyp çykdym, ahyr Türk hökümeti ara goşulyp, meni 18 aý türmede ýatamsoň, boşatdylar. Türkiýä dolananymdan soňra, elimden alnan şirketim, enjamlarym we beýleki ýitgilerim üçin 62 million dollarlyk sud işini gozgadym. Türkmenistan bu puly hökmän tölemeli, başga çykalgasy ýok.

XS
SM
MD
LG