Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Regionlara has köp maýa goýular


Türkmenistanyň regionlaryny özgertmek boýunça milli maksatnamasynyň täze görnüşi kabul edildi. Türkmenistanyň hökümetiniň soňky hökümet maslahatynda mälim edilişine görä, 2020-nji ýyla çenli regionlary özgertmek, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksatly 7,5 milliard amerikan dollary möçberinde maýa serişdeleri özleşdiriler.

“Adamlar öýlerinden çykanda, töwerek-daşynyň amatly, owadandygyny görmeli” diýlip, resmi maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanyň statistika boýunça döwlet komitetiniň maglumatyna görä, ýurduň sosial we infrastruktura obýektlerine eýýäm sarp edilen çykdajylaryň möçberi barada şeýle sanlar berilýär. Saglygy saklaýyşa 1,1 milliard manat, bilime 6,3 milliard amanat, suw sistemalarynyň gurluşygyna 2,4 milliard manat, energetika obýektlerine 2,3 milliard manat, ýol gurluşygyna 2,1 milliard manat we ýaşaýyş jaý gurluşygyna 3,15 manat pul sarp edilipdir.

XS
SM
MD
LG