Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: 30 sany şaýy musulmany alnyp gaçyldy


Owganystanyň resmileri ýurduň Zabul welaýatynda awtobus bilen sapar edýän 30 sany şaýy musulmanynyň şahsyýeti anyklanmadyk ýaragly adamlar tarapyndan alnyp gaçylandygyny habar berýärler.

Gürrüňi gidýän adamlar Owganystandaky Hazara etniki azlygynyň agzalary bolup, olar 23-nji fewralda ýurduň günortasyndaky Kandahar şäherinden owgan paýtagty Kabula sapar edýän mahaly alnyp gaçylypdyr.

“Gazni Paima” atly awtobus kompaniýasynyň resmisi Nasir Ahmadyň “AFP” habar gullugyna beren maglumatyna görä, awtobusyň sürüjisi özüne “signal berýän owgan armiýasynyň egin-eşigindäki ýüzi örtgüli adamlaryň toparyny görüpdir we ol şol adamlary esger diýip pikir edip, ulagy saklapdyr”.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sözçüsi Sedik Sediki, polisiýa alnyp gaçylan adamlaryň aman-sag boşadylmagyny üpjün etmek üçin “elinde bar ähli zady” edýär diýdi.

Adamlaryň alnyp gaçylmagynyň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG