Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Onlarça hristian assiriýleri alnyp gaçyldy


“Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky birnäçe oba hüjüm edensoň, olaryň azyndan 70 sany hristian assiriýlerini alyp gaçandygy habar berilýär.

23-nji fewralda söweşijiler Hassakeh welaýatynyň Tal Tamr şäheriniň golaýyndaky hristian assiriýleriniň obalaryny Kürt güýçleriniň gözegçiliginden ele geçirdiler.

Ýakyn gündogardaky dini azlyklar boýunça iş alyp barýan “Hereket üçin talap” atly aktiwist toparyň ýolbaşçysy Nuri Kinonyň aýtmagyna görä, hüjümde söweşijiler 70-100 çemesi assiriýni ýesir alypdyr.

Şol bir wagtyň özünde düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy topary alnyp gaçylan assiriýleriň sanynyň 90-a barabardygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG