Sepleriň elýeterliligi

AI: Türkmenistanda adamlar gynalýar


Türkmen polisiýasy tutulany alyp barýar.

Türkmen polisiýasy tutulany alyp barýar.

«Metbugat hakyndaky kanunyň we syýasy gatnaşygyň kämilleşdirilendigine garamazdan, oppozisiýa wekilleriniň, žurnalistleriň we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň häkimiýetler tarapyndan ýanalmagy dowam edýär» diýip, Halkara günä geçiş guramasynyň täze hasabatynyň Türkmenistan bölüminiň başynda aýdylýar.

Sudlaryň garaşsyzlygy çäklendirilen, ol ýerde doly manyly şikaýat proseduralary bolmady, jenaýat işleri baradaky sudlarda aklanmalar seýrek, garaşsyz şertlerde işlemäge synanyşan aklawçylar işden kowulmak töwekgelligine uçraýar, adam gynalmagy we beýleki ýowuz daraşmalar giň ýaýran diýip, hasabatda bellenilýär.

Türkmenistan 2013-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň rekomendasiýalaryny, BMG-niň ýörite proseduralary bilen hyzmatdaşlyk etmekligi kabul etdi. Emma muňa garamazdan, häkimiýetler halkara gözegçileriniň ýurda gelmegini gazaply çäklendirdiler, Türkmenistan Amnesti Internaşnl guramasynyň ýurda sapar etmek baradaky talaplaryna jogap bermedi, ol ýerde BMG-niň ýörite proseduralary bilen baglylykda 10 talap edilipdi diýip, hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda Türkmenistanyň 2013-nji ýylyň dekabrynda geçirilen ilkinji köp partiýaly saýlawlarynda Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň parlamentde orun alandygy, emma bu partiýanyň syýasy ýolbaşçylygy hakyky synaga salman, prezident G.Berdimuhamedowa wepadarlygyny jar edendigi aýdylýar.

Metbugat azat däl

Türkmenistan 2013-nji ýylyň ýanwarynda güýje giren täze kanunda media garaşsyzlygy ýörelgelerini goldaýandygyny, döwletiň metbugat işlerine gatyşmagynyň gadagan edilendigini jar etdi. Emma hakykatda, Halkara günä geçiş guramasynyň hasabatynda aýdylmagyna görä, senzura giň ýaýran we gazetlere howandarlyk edýän ministrlikler prezidente hasabat berýär.

Metbugat hakyndaky täze kanun esasynda ýylyň aýagyna çenli hiç bir hakyky garaşsyz metbugat serişdesi hasaba alynmady, adamlar iş ýüzünde daşary ýurt neşirlerine abuna ýazylmakdan mahrum, internet bolsa gözegçilik astynda we çäklendirilen diýip, hasabatda bellenilýär.

Türkmenistandaky we daşary ýurtlarda bosgunlykda ýaşaýan hukuk aktiwistleriniň we žurnalistleriň türkmen häkimiýetleri tarapyndan yzygider basyş astyna salynýandygy aýdylýar.

Bileleşik azatlygy çäkli

Hasabatyň bileleşik azatlygy baradaky bölüminde hökümetiň jemgyýetçilik bileleşikleriniň işine gatyşmagynyň dowam edendigi bellenilýär.

Prezidentiň 2013-nji ýylyň ýanwarynda gol çeken karary esasynda, daşary ýurt grantlarynyň hasaba alynmagy we hökümet tarapyndan tassyklanmagy talap edilýär. «Syýasy» diýip bilinýän işjeňligi maliýeleşdirmek we hasaba alynmadyk bileleşige agza bolmak gadagan edilýär.

Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda maý aýynda güýje giren kanun bileleşiklere döwlet gatyşmasyny gadagan edýär, emma olara resmi gözegçilik edilmegine köp derejede ygtyýar berýär. Birleşikleri hasaba alyş proseduralary çylşyrymlylygyna galýar, Türkmenistanda açyk, garaşsyz ýagdaýda adam hukuklary, sosial ýa syýasy gözegçilik işi bilen meşgullanýan gurama ýok diýip, hasabatda aýdylýar.

Adam gynamalary 'giň ýaýran'

Howpsuzlyk güýçleriniň jenaýatda güman edilýän adamlary gynaýyşlary we olara ýowuz daraýyşlary barada ynamdar maglumatlar gelip gowuşýar diýip, hasabatda güman edilýänleriň jynsy organlaryny atagzy bilen çekmek, olary elektrik toguna tutmak, oturgyç aýaklary we suwly plastiki gaplar bilen urmak ýaly usullaryň ulanylýandygy aýdylýar. Şeýle-de tussaglaryň maşgala agzalaryna haýbat atylýandygy, bendileri bir-birini zorlamaga mejbur edýändikleri aýdylýar.

Ýanwar aýynda Geldi Kärizow, onuň aýaly we 12 ýaşly ýegeni, daşary ýurda medisina bejergisini almaga gitjek bolanda, howpsuzlyk ofiserleri tarapyndan tussag edildi. Olar soraga çekildi we ýowuz daraşma sezewar boldy, şikaýat etmejekdikleri barada dilhaty bermäge mejbur edildi diýip, hasabatda aýdylýar. Şeýle-de hasabatda aktiwist Mansur Mingelowyň türmede 19-njy maýdan 8-nji iýuna çenli açlyk edendigi aýdylýar.

Hasabatda tassyklanylmagyna görä, Mingelow 2012-nji ýylda Marydaky buluç etniki azlygynyň gynalşy barada maglumat toplap, Baş prokuratura we daşary ýurt diplomatlaryna bereninden soň, adalatsyz sud prosesinde 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Halkara günä geçiş guramasynyň täze hasabatynda öňki prezident S.Nyýazowyň janyna kast ediş synanyşygy diýilýän iş bilen baglylykda uzak möhletli türmä basylyp, şu wagta çenli ykballary näbelli galýan adamlar hem ýatlanylýar.

Aýdylmagyna görä, ol bendileriň garyndaşlary öz hossarlarynyň ykbaly barada on ýyldan gowrak wagt bäri hiç bir resmi habar alyp bilmeýärler.

Mundan başga, hasabatda ýurtda hereket azatlygynyň, din azatlygynyň hem çäkli bolmagynda galýandygy aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG