Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Agyr ýagan garda 28 adam öldi


Owganystanyň paýtagty Kabulyň demirgazygyndaky Panjşir welaýatynda agyr ýagan garyň netijesinde dörän gar süýşmesinde azyndan 28 adam öldi.

Owgan resmileriniň 25-nji fewralda beren maglumatynda, wakada ýene-de onlarça adamyň ýitirim bolandygy we ölenleriň sanynyň artmagyna garaşylýandygy mälim edildi.

Daglyk Panjşir welaýatynda iki günläp agyr ýagan garyň netijesinde welaýatyň esasy ýollary böwetlendi. Munuň netijesinde halas ediş işgärleri agyr ýagan garyň ýiti täsir eden obalaryna barmakda kynçylyk çekdiler.

Panjşir welaýat polisiýasynyň başlygy Abdul Aziz Gaýratyň aýtmagyna görä, Pariýan, Darah we Bazarak etraplaryndaky ýaşaýyş jaýlaryň aglabasy garyň we buzyň aşagynda galypdyr.

XS
SM
MD
LG