Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Täjik raýaty tussag edildi


Russiýanyň paýtagty Moskwada asly täjigistanly bir adam “Yslam döwleti” atly söweşiji topary mahabatlandyrýan websahypany döretmekde güman edilip, tussag edildi.

Şahsyýeti köpçülige mälim edilmeýän adam 25-nji fewralda Moskwanyň demirgazyk-günbatarynda ele salyndy.

Russiýanyň metbugat serişdeleriniň polisiýadaky çeşmelere salgylanyp berýän maglumatyna görä, gürrüň gidýän adam “Yslam döwleti” atly toparyň alyp barýan işlerini görkezýän wideo ýagylary we maglumatlary çap etmekde şübhelenilýär.

Russiýanyň hem-de Merkezi Aziýadaky we Kawkazlardaky öňki sowet ýurtlarynyň resmileri öz raýatlarynyň ýüzlerçesiniň Siriýadaky we Yrakdaky yslamçy söweşijileriň, şol sanda “Yslam döwleti” atly toparyň jeňçileriniň hatarynda söweşýändigini habar beripdiler.

XS
SM
MD
LG