Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ “YD”-ny “berk” ýazgardy


Birleşen Ştatlar “Yslam döwleti” atly toparyň Siriýadaky hristian assiriýleriniň obasyna eden hüjümini we olaryň raýatlary, “şol sanda aýallary, çagalary, ruhanylary we ýaşululary” alyp gaçmagyny “berk” ýazgardy.

24-nji fewralda ýaýradylan beýanatda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Jen Psaki söweşiji toparyň “dini azlyklary nyşana alýan soňky hüjümi bu toparyň bölüji hem-de zäherli ynançlary bilen ylalaşmaýanlara ýene bir delil” diýdi.

Psakiniň bu baradaky çykyşy, aktiwistler 23-nji fewralda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky obalara reýd geçirip, onlarça adamy alyp gaçandygyny mälim etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG