Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Owgan tussaglarynyň üçden biri gynalýar


Owganystandaky konflikt sebäpli tussag edilen owganlaryň üçden biri türmede gynamalara ýa-da azar bermelere sezewar bolandygyny aýdýar diýip, Birleşen Milletler Guramasy habar berýär.

BMG-niň Owganystandaky ýardam beriji missiýasynyň (UNAMA) 25-nji fewralda ýaýradan raportyna görä, owgan türmelerinde söhbetdeşlik geçirilen 790 tussagdan 278 sanysy 2013-nji ýylyň fewral aýy bilen 2014-nji ýylyň dekabr aýy aralygynda özleriniň gynamalara we azar beremlere sezewar edilendigini aýdýarlar.

Bu sanlar geçen ýyl bilen deňeşdirilende bu görkezijiniň pese gaçandygyny görkezýär. Geçen ýylky görkezijide söhbetdeşlik geçirilen tussaglaryň ýarysy türmelerde gynamalara sezewar edilendigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG