Sepleriň elýeterliligi

Krym tatarlarynyň lideri Sawçenko çagyryş etdi


Krym tatarlarynyň lideri weteran Mustafa Jemilew (Mustafa Dzhemilev) Russiýanyň türmesinde tussaglykda saklanylýan ukrain piloty Nadiýa Sawçenkony açlygyny bes etmäge çagyrdy.

24-nji fewralda “Gordon” habar websahypasyna beren interwýusynda Jemilew, Sawçenkonyň açlyk yglan etmegi, rus resmilerini ony tussaglykdan boşatmaga itermez diýdi.

71 ýaşly Jemilew 1966-1986-njy ýyllarda tussag lagerlerinde alty gezek saklanan öňki sowet dissidentidir.

Sawçenko geçen ýyl gündogar Ukrainada orsýetçi separatistler tarapyndan ele salnyp, rus häkimiýetlerine gowşurylypdy. Russiýada ol gündogar Ukrainadaky hökümet güýçleri bilen gozgalaňçylaryň arasyndaky konfliktde heläk bolan iki žurnalistiň öldürilmegine gatnaşmakda aýyplanýar.

Sawçenko bu aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG