Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada uruşýan azerbaýjanlylar


Siriýa. Wideoda özüni azerbaýjanly diýip tanadan söweşiji.
Siriýa. Wideoda özüni azerbaýjanly diýip tanadan söweşiji.

Internetde ýaýradylan bir ýüzlenmede ol wideo-ýüzlenmäniň 2013-nji ýylyň 2-nji maýynda surata düşürilendigi bildirilýär. Alty minuda golaý dowam edýän şol wideoda bir azerbaýjanly ol ýerde köp sanly azerbaýjanlynyň jyhada gatnaşýandygyny, olaryň arasynda ölenleriň we ýaralananlaryň hem bardygyny aýdýar.

Çykyş edýän, şol bir wagtyň özünde ildeşlerini Siriýa baryp, uruşmaga, jyhada gatnaşmaga çagyrýar we Siriýa gelmekligiň o diýen kyn däldigini ýaňzydýar.

Siriýada öldürilen azerbaýjanlylar

Internetde Siriýada söweşýän azerbaýjanlylar barada köp sanly wideolara duş gelinýänem bolsa, soňky iki ýylda Siriýada söweşýän azerbaýjanlylar meselesi Azerbaýjanyň özünde diňe birnäçe gezek metbugatyň ünsüni çekipdir. Her gezekde-de, esasan, Siriýadaky yslamçy toparlaryň hatarynda Başar Asada garşy söweşýän azerbaýjanlylaryň ölendigi barada habarlar ýaýrandan soňra.

Azerbaýjan metbugatynda iň soňky gezek bu tema 2013-nji ýylyň iýul aýynda gozgalyp, şonda Tartar etrabynyň ýaşaýjysy Enwer Zeýnalowyň Alepponyň (Halap şäheriniň) golaýyndaky çaknyşyklarda heläk bolandygy we şol ýerde hem jaýlanandygy köpçülige ýetirilipdir.

Azerbaýjan döwleti olar barasynda näme bilýär?

Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň geňeşçisi Elman Abdullaýew bu mesele bilen baglanyşykly birnäçe gezek hökümetiň resmi garaýşyny aýan edip, Siriýadaky azerbaýjan ilçihanasynyň ýapylandygyny we dartgynlylyk möwjän mahaly resmi ýagdaýdaky azerbaýjanlylaryň ýurdy terk edendigini bildiripdir. MTN bolsa, azerbaýjanlylaryň jyhada gatnaşmaga isleg bildirmegi bilen baglanyşykly profilaktiki çäreleriň durmuşa geçirilendigini aýan etmeklik bilen çäklenipdir.

Siriýada näçe azerbaýjanly söweşýärkä?

Azerbaýjanlylaryň sany babatda ANS Siriýada 60-a golaý, Eýranyň tarapyndaky ”Islam Times” internet sahypasy bolsa 270 sany azerbaýjanlynyň söweşýändigini bildirýär. ”Apa” habar gullugy, Siriýadaky oppozisiýanyň internet sahypalaryna salgylanyp beren iň soňky maglumatynda, şu wagta çenli Siriýadaky graždanlyk urşunda 30 sany azerbaýjanlynyň öldürilendigini habar beripdir. Habarlara görä, Siriýa giden azerbaýjanlylar Azerbaýjanyň özünden, şeýle-de Türkiýeden, Owganystandan we Demirgazyk Kawkazdan gidenlerden ybaratdyr.

Siriýanyň oppozision internet sahypalaryndaky we sosial ulgamlardaky maglumatlaryna görä, azerbaýjanlylar, esasan, "Jeýş al-Muhajirin wel-Ansar" toparynda jemlenen we olara Abu Yahýa atly azerbaýjanly biri baştutanlyk edýär.

Internetde onuň tanklara garşy atylýan ýaraglary ökdelik bilen ulanyp bilýändigi we onuň otlan tanklary barada materiallar bar.

Azerbaýjanlylar Siriýa näme üçin gidýärler?

”Islam Times” gazetiniň öňe sürmegine görä, azerbaýjanlylar Siriýa Mehman atly adamyň kömegi bilen gidýärler. Şu ýyl heläk bolan Tartar etrabynyň ýaşaýjysynyň hossarlary bolsa, ýas üýşmeleňinde beren maglumatynda ogluny Türkiýede işleýändir öýdendiklerini aýdypdyrlar.

Siriýadaky yslamçy ýaragly toparlar barada maglumatlary ýaýradýan internet sahypalarynyň birinde bolsa, özlerine goşulmak isleýänleriň saýlap alan wideomaterialyna tomaşa edip, soň olar bilen elektron poçta arkaly aragatnaşyk gurmak üçin şol widematerialyň aşagyndaky forumda öz ýaşaýan şäherini ýazmak maslahat berlipdir.

Söweşijilere Siriýada näme garaşýar?

Ýaňky internet sahypasyndaky ýaragly toparlaryň biriniň ýolbaşçysy emir Salahaddin bilen geçirilen söhbetdeşlikde, ynha, hut şu mesele gozgalypdyr, Emir şeýle diýipdir: "Siriýa söweşmäge gelenler ilki bilen dokumentlerini serkerdelige tabşyrmaly. Olaryň amanat dokumentleri ynamdar ýagdaýda goralýar. Ondan soň olar söweşmek isleýän toparyny saýlap bilýärler. Olar 30-45 günlük harby türgenleşikden soň söweşlere goşulyp bilerler. Soňra olar, 4 aý geçýänçä, Siriýany terk edip bilmezler. Dört aýdan soň bolsa söweşijiler maşgalasyny görmäge gidip bilerler. Siriýada 6 aý urşan söweşijilere bolsa öz maşgalasyny getirmäge hem rugsat berilýär. Bir ýyldan soň bolsa olaryň öýlenmegine ygtyýar berilýär".

Siriýa gidenler aýlyk alýarmyka?

Özüni Emir Salahaddin diýip tanadan adamyň aýtmagyna görä, maşgalaly söweşijiler Beýtul-Maldan ýörite maddy we azyk kömegini hem alyp bilýärler. Maşgalasy ýoklaryň-da hiç bir zatda kynçylyk çekmezligine seredilýär.

Dürli internet çeşmelerindäki maglumatlara görä, Siriýa söweşmäge gidýänlere öňünden 50 müň dollar möçberinde pul tölenýär. Olar uruşda heläk bolan mahaly bolsa bu pul olaryň maşgalasyna galýar.

Ýöne internetde ýaýradylan beýannamalarda Siriýa Azerbaýjandan we Kawkazdan baran ors dilli söweşijiler özleriniň pul üçin däl-de, eýse din üçin söweşýändiklerini tekrarlaýarlar.

XS
SM
MD
LG