Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Üç merkezi aziýaly tussag edildi


Birleşen Ştatlaryň resmileri merkezi aziýaly üç adamyň “Yslam döwleti” atly toparyny maddy goldaw bilen üpjün etmegi planlaşdyrmakda aýyplanyp, tussag edilendigini habar berýärler.

Maglumatda asly özbegistanly 24 ýaşly Abdurasul Jurabaýewiň we gazagystanly 19 ýaşly Ahor Saýdahmetowyň “Yslam döwleti” atly toparyň hatarynda söweşmek üçin Türkiýäniň üsti bilen Siriýa gitmegi planlaşdyrandygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň Adalat departamentiniň öňe sürmesinde, eger “Yslam döwleti” tarapyndan tabşyryk berilse, Jurabaýewiň Birleşen Ştatlarynda terrorçylykly hereketlere gatnaşmaga taýýarlyk görendigi aýdylýar.

Tussag edilen adamlaryň üçünjisi, ýagny 30 ýaşly Abror Habibow hem özbek raýaty bolup, onuň Saidahmetowyň “Yslam döwleti” atly topara goşulmak tagallalaryny maliýeleşdirmäge ýardam berendigi öňe sürülýär.

XS
SM
MD
LG