Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Türk ulagyna hüjüm edildi


Owgan paýtagty Kabulda janyndan geçeniň eden bombaly ulag partlamasynda Türkiýäniň ilçihanasynyň ulagy nyşana alyndy. 26-njy fewral, 2015 ý.

Owgan paýtagty Kabulda janyndan geçeniň eden bombaly ulag partlamasynda Türkiýäniň ilçihanasynyň ulagy nyşana alyndy. 26-njy fewral, 2015 ý.

Owgan paýtagty Kabulda janyndan geçeniň eden bombaly ulag partlamasynda Türkiýäniň ilçihanasynyň ulagy nyşana alyndy. Partlamanyň netijesinde bir türk esgeri öldi we başga-da bir sanysy ýaralandy.

Türk harbysynyň berýän maglumatyna görä, 26-njy fewralda edilen hüjümde NATO-nyň Owganystandaky iň ýokary derejeli wekiliniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen wezipelendirilen toparyň ulagy nyşana alnypdyr.

Bu waka Türkiýäniň Owganystandaky missiýasynyň binasynyň golaýynda ýerleşýän Eýranyň Kabuldaky ilçihanasynyň girelgesiniň öňünde boldy.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi hüjümde nyşana alnan ulagyň Türkiýäniň ilçihanasyna degişlidigini we partlamada ulagyň sürüjisiniň ölendigini habar berdi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy. Bu Owganystanda türklere garşy hüjüm edilendigi barada çykan ilkinji maglumatdyr.

XS
SM
MD
LG