Sepleriň elýeterliligi

Dagystan: Alty şübheli söweşiji öldi


Russiýanyň habar beriş serişdeleri Demirgazyk Kawkaz regiony Dagystanda geçirilen howpsuzlyk operasiýalarynda söweşiji diýlip şübhelenilýän alty adamyň öldürilendigini habar berýärler.

Dagystanyň Içeri işler ministrliginiň resmileriniň berýän maglumatyna görä, olar üç söweşijiniň 25-nji fewralda we beýleki üçüsiniň 26-njy fewralda ýurduň Kyzylýurt etrabynyň merkezindäki Sultan-Ýangýurt we Neçaýewka obalarynyň golaýynda öldürilendigine ynanýarlar.

Dagystanda 25-nji fewralda başladylan operasiýalar dowam edýär.

Resmiler gürrüňi gidýän territoriýadaky tokaýda söweşiji diýlip güman edilýän ýene-de dört sany adamyň saklanyp galan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG