Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: 200-den gowrak hristian assiriýsi alnyp gaçyldy


Siriýaly aktiwistler soňky üç günüň dowamynda “Yslam döwleti” atly ekstremist topar azyndan 220 hristian assiriýsini alyp gaçdy diýýärler.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy toparyň 26-njy fewralda beren maglumatyna görä, gürrüňi gidýän adamlar söweşijiler Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda hristian azlygynyň ýaşýan azyndan onlarça obany ele salan mahaly alnyp gaçylypdyr.

Siriýaly hristianlaryň toparynyň berýän maglumatyna görä, başga-da ýüzlerçe hristian Hasakeh welaýatyndaky esasy iki şähere gaçyp gidipdir.

Bu sebitde kiliseleriň we öýleriň otlanýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýan mahaly, kürt we hristain ýaraglylaryň “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşýändigi habar berilýär.

Birleşen Ştatlar söweşijiler tarapyndan hristian obalaryna edilen hüjümi ýazgaryp, alnyp gaçylan adamlaryň derhal goýberilmegini talap etdi.

XS
SM
MD
LG