Sepleriň elýeterliligi

Türkmen baýdagy G.Amerikanyň iň depesine çykaryldy


Türkmenistanyň baýdagy Amerika kontinentiniň iň beýik depesine, ýagny Akonkagua depesine (6962 metr) çykaryldy, diýlip resmi metbugatda habar berilýär.

Akonkagua depesi Günorta Amerika materiginiň Argentina bilen Çili döwletleriniň arasynda ýerleşýän Andy dagynyň merkezi böleginde ýerleşýär. Güýçli öwüsýän ýel sebäpli barmasy kyn diýlip aýdylýan bu depä türkmen baýdagyny çykarmak çäresine aşgabatly, sank-peterburgly, irkutsly alpinistler gatnaşdylar.

“Akonkagua” sözi türkmen diline terjime edilende “Daşdan goragçy” diýen manyny berýär. Bu depede sagatda 100 kilometr tizliginde ýeliň öwüsýändigi, kähalatlarda güýçli taýýarlykly alpinistleriň hem yzyna dolanmaly bolýandygy maglumatda bellenilýär.

XS
SM
MD
LG