Sepleriň elýeterliligi

“Jihadçy John” atly söweşijiniň şahsyýeti anyklandy diýilýär


Metbugat maglumatlarynda, “Yslam döwleti” atly toparyň ýaýradan kelle kesmek wideolarynyň birnäçesinde görkezilýän - britan şiwesinde gürleýän ýüzi örtgüli adamyň şahsyýeti anyklandy diýilýär.

“BBC” korporasiýasynyň 26-njy fewralda beren maglumatynda, Jihadçy John ady bilen tanalýan söweşijiniň Kuweýtde doglan britaniýaly Mohammad Emwazidigi we onuň Londonyň günbataryndandygy bellenilýär. Maglumatda onuň Britan howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan tanalýandygy nygtalýar.

“The Washington Post” neşirinde, Emwaziniň gurply maşgaladandygy we kompýuter programmalary boýunça ýokary bilim diplomynyň bardygy habar berilýär.

Britaniýanyň polisiýasy bu barada maglumat bermekden saklandy.

XS
SM
MD
LG