Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Belarus ilçihanasynyň öňünde ýöriş geçirildi


Belarusyň Bişkekdäki ilçihanasynyň daşynda onlarça protestçi ýöriş geçirdi, olar Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň we onuň dogany Janyşyň ekstradisiýa edilmegini soraýarlar.

27-nji fewralda geçirilen demonstrasiýadaky protestçiler “Bakiýewler adam öldürenler” we “Belarus, jenaýatkärlere gaçybatalga berme!” diýen şygarly plakatlary göterdiler.

Belarus ilçihanasynyň işgärleri binanyň daşyna çykmansoň, protestçiler Bakiýewiň ekstradisiýa edilmegini talap edýän petisiýany ilçihananyň howpsuzlyk işgärine gowşurdylar.

27-nji fewralda gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew örän emosional mazmunly beýanaty ýaýratdy. Beýanatda ol Bakiýew doganlaryny “rehimsiz we zalym häsiýetli ýaramaz adamlar” diýip atlandyryp, belarus resmilerini doganlary ekstradisiýa etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG