Sepleriň elýeterliligi

Tejeniň Medeniýet öýi haňlap dur


Boş duran Medeniýet öýi, Türkmenabat.

Boş duran Medeniýet öýi, Türkmenabat.

Türkmenistanda 2015-nji ýylda ýene ýüzlerçe täze desganyň guruljakdygy we milliardlarça amerikan dollary möçberinde maliýe çykdajylaryň ediljekdigi resmi maglumatlarda mälim edildi.

Şol bir wagtda-da ýurtda gurulyp, ulanylşa berilen binalaryň ençemesi işlemän galýar. Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 20-nji fewralda hökümet maslahatynda eden çykyşynda ýurtda işlemän duran desgalaryň 141 çemesiniň bardygyny agzady.

Tutuş ýurt boýunça ulanylman duran desgalaryň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli binalar, medeniýet öýleri hem göze ilýär.

Olaryň biri bolan Tejen şäheriniň Medeniýet öýüniň ýagdaýy barada türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG