Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Sawçenkonyň “ölmegi mümkin”


Ukrain piloty Nadiýa Sawçenko.
Ukrain piloty Nadiýa Sawçenko.

Kremliň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň agzasy, tussaglykdaky ukrain piloty Nadiýa Sawçenkonyň “birnäçe gün içinde ölmeginiň mümkindigini” aýtdy.

Ýelena Masýuk 27-nji fewralda beren maglumatynda, özüniň Sawçenkony görmek üçin türmä barandygyny we ýesir alnan pilotyň saglyk ýagdaýynyň ýiti derejede ýaramazlaşýandygyny aýtdy.

Sawçenko özüniň bikanun tussag edilip, özüne garşy galp aýyplamalaryň ýöňkelendigini aýdyp, mundan 80 güne golaý ozal açlyk yglan edipdi.

Sawçenko geçen ýylyň iýun aýynda gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistler tarapyndan ele salnyp, Russiýa alnyp gidilipdi. Ol Russiýada iki rus žurnalistiniň ölümine sebäp bolan hüjüme gatnaşygy bolmakda aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG