Sepleriň elýeterliligi

NATO: Russiýa ýaragyny çykarmaly


Ukrainanyň ýaragly güýçleri.

Ukrainanyň ýaragly güýçleri.

NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg Moskwadan gündogar Ukrainadaky 1 000 çemesi rus harby tehnikasyny çykarmagy sorady. Bu çykyş, diplomatlar Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşi 27-nji fewralda Ukrainada adatdan daşary ýygnagy geçirýär diýen mahaly boldy.

Stoltenberg 26-njy fewralda Italiýanyň paýtagty Rimde eden çykyşynda mundan iki hepde öň Ukrain güýçleri bilen orsýetçi separatistleriň arasynda baglaşylan ylalaşygyň saklanyp galyp biljekdigi dogrusynda özüniň optimistik garaýyşdadygyny belledi.

Şeýle-de, ol orsýetçi separatistleriň öz kontrollugyndaky territoriýalary giňeltmek dogrusynda etjek islendik synanyşygynyň “kabul ederliksizdigini” aýdyp, Russiýany “separatistleri goldamagyny bes etmäge” çagyrdy.

“AFP” habar gullugynyň diplomatlara salgylanyp berýän maglumatyna görä, Fransiýa we Germaniýa geňeşe agza 15 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirmegi sorapdyr.

XS
SM
MD
LG