Sepleriň elýeterliligi

Gazprom: Ukraina $15 million berdi


Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy Ukrainanyň “Naftogaz” energiýa kompaniýasyndan öňünden 15 million amerikan dollary möçberindäki tebigy gaz töleginiň gelip gowşandygyny hem-de şu puluň Ukrainanyň ýene bir gün tebigy gaz bilen üpjün edilmegi üçin ýeterlikdigini aýtdy.

“Gazprom” kärhanasynyň metbugat sözçüsi Sergeý Kupriýanow bu maglumaty tassyklap: “Şu gün irden Russiýanyň sagady bilen 9:20-de Ukrainanyň “Naftogaz” kompaniýasyndan Gazproma 15 million amerikan dollary möçberinde tebigy gaz tölegi gelip gowuşdy. Häzirki wagtda Ukraina akdyrylýan tebigy gazyň möçberini göz öňünde tutanymyzda, öňünden berlen bu töleg Ukrainany ýene diňe bir gün çemesi tebigy gaz bilen üpjün etmäge ýeterlikdir” diýdi.

Şeýle-de, Kupriýanow Kiýewiň häzirki wagt töleýän tebigy gaz tölegi Ukrainany 2-nji marta çenli tebigy gaz bilen üpjün etmäge ýeterlik bolmalydy diýdi.

2-nji martda Brýusselde täze tebigy gaz ylalaşygyna gelmek boýunça Russiýanyň we Ukrainanyň energiýa ministrleriniň Ýewropa Bileleşiginiň resmileri bilen duşuşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG