Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: 18 ene-ata tussag edildi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda öz çagasyna poliomielite garşy waksina sanjymynyň edilmegine rugsat bermeýän 18 adam tussag edildi.

Pakistanyň polisiýasynyň 26-njy fewralda Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna beren maglumatyna görä, gürrüňi edilýän adamlar Haýber Puhtunhwa welaýatynyň Nowşera etrabynda tussag edilipdir.

Etrap polisiýa başlygy Rab Nawaz Hanyň aýtmagyna görä, öz çagalaryna waksina sanjymlarynyň edilmegine rugsat bermeýän ene-atalara garşy 100-den gowrak iş gozgalypdyr.

Şeýle-de, Han soňy bilen ene-atalaryň aglabasynyň öz çagalaryna waksina sanjymlarynyň edilmegine rugsat bermegi netijesinde, gozgalan meseläniň ençemesiniň çözülendigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde öz çagalaryna poliomielite garşy waksina sanjymlarynyň edilmegine rugsat bermeýän 18 sany ene-ata tussag edildi.

XS
SM
MD
LG