Sepleriň elýeterliligi

Belarus gyrgyz prezidentini tankyt etdi


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Belarusyň Daşary işler ministrligi Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň özünden öňki prezident Kurmanbek Bakiýew we onuň garandyşlary bilen baglylykda eden çykyşyna berk reaksiýa bildirdi.

27-nji fewralda eden beýannamasynda Belarusyň Daşary işler ministrligi “Şeýle gyzmaç emosional beýannama siwilizlenen ýurduň lideri derejesine mahsus bolmaly däl” diýip belledi.

Atambaýewiň beýannamasy

26-njy fewralda Almazbek Atambaýew öz ýaýradan beýannamasynda Belarusyň häkimiýetlerini Bakiýewi we onuň dogany Janyşy Gyrgyzystana ekstradisiýa etmäge çagyrdy we Gyrgyzystanyň öňki prezidentiniň maşgalasyny “wagşy” we “adam iýýän” ganhorlar diýip atlandyryp, Belarusy ol sütemkärlere başpena bermekde aýyplady.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň 26-njy fewralda bildirmegine görä, bir şaýat gyrzgyz derňewçilerine, geçen hepdede Minskde ýany galp orsýet pasportly öli tapylan gyrgyz jenaýatçybaşysy Almambet Anapiýaýewiň edil şol ölen güni Janyş Bakiýew bilen duşuşandygyny aýdypdyr.

Atambaýewiň beýannamasynda: “Belarus häkimiýetleriniň bu jenaýatçy maşgalanyň wagşy we adam iýiji häsiýetini hiç bolmanda görüp başlamagy üçin Bakiýewler kimdir birini öldürmelimi? Bu sütemkärler her ýerde, şol sanda özlerine başpena beren Belarusda hem gan dökýärler” diýilýär.

Günäsizlik kepilnamasy

Şol bir wagtyň özünde-de Belarusyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda “Häzirki döwrüň islendik ýurdunyň Konstitusiýasy we kanunlary hiç bir adamyň hiç bir jenaýatçylyk üçin suduň karary çykarylyp, güýje girýänçä günäkär diýlip yglan edilmejegine kepil geçýär. Şol bir wagtda-da Gyrgyzystanda gaýybana geçirilen sudlaryň birnäçesi hasaba alnanda, bu ýurduň adalata özüçe özboluşly çemeleşýändigini aýdyp bolar” diýip bellenilýär.

Kurmanbek we Janyş Bakiýewler, Kurmanbek Bakiýewiň 2010-njy ýylda Gyrgyzystanyň prezidenti wezipesinden çetleşdirmegine getiren protestleriň dowamynda adamlaryň heläk bolmagyna gatnaşykda aýyplanyp, gaýybana ömürlik türme tussaglygyna höküm edildiler. Janyş Bakiýew şol döwürde döwlet howpsuzlygyna ýolbaşçylyk edipdi.

Belarusyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasyna görä, Belarusdaky ýolbaşçylar “öz borçlaryny pugta berjaý edýärler we gyrgyz raýaty bolmagy güman edilýän adamyň öldürilmegine jogapkärleriň şahsyýetini anyklamak we olary tussag etmek boýunça ähli zerur çäreleri amala aşyrýarlar”. “Belarusyň derňewçileriniň işine goşulmak, şol sanda munuň daşary ýurtlaryň ýokary derejeli resmileri tarapyndan edilmegi düýpden ýol bererlikli däl” diýlip belarus tarapynyň beýannamasynda bellenilýär.

Beşkekde protest geçirildi

Bu beýannamanyň peýda bolan güni onlarça protestçi Bişkekde Belarusyň ilçihanasynyň öňünde jemlenip, Bakiýewleriň Gyrgyzystana tabşyrylmagyny talap etdiler.

Ilçihananyň işgärleri protestçileriň ýanyna çykmansoň, demonstrantlar Belarusdan öz talaplaryny ilçihananyň howpsuzlyk işgärlerine gowşurdylar.

Kurmanbek we Janyş Bakiýewler 2010-njy ýylyň aprel aýynda köpçülikleýin protestleriň yz ýany Gyrgyzystany terk etdiler.

Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy olaryň öz ýurduna tabşyrylmagyny ençeme sapar sorady, Belarusyň häkimiýetleri bu talaby berjaý etmekden boýun gaçyrdylar.

XS
SM
MD
LG