Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat bilen konfliktden howatyrlanýarys


Türkmen-owgan serhedi
Türkmen-owgan serhedi

Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Amyderýada emele gelen we eýeçiligi barada dürli soraglar bolan adada Türkmenistanyň sim dikip, öz esgerlerini ýerleşdirendigi aýdylýar. Bu ýagdaýa garşy düýn müňlerçe owganystanly etniki türkmen Türkmenistan bilen serhetleşýän Garkyn etrabynda protest aksiýa gurnap, häkimligiň öňüne jemlendi.

Protestçiler, gürrüňi edilýän adanyň derýanyň owgan tarapyna süýşmegi bilen emele gelip, bir wagtlar öz ýaşaýyş jaýlarynyň şol ýerde ýerleşýändigini, häzirki döwürde türkmen esgerleriniň garkynlylaryň şol ada barmagyna rugsat etmeýändigini aýdýarlar.

Mundan ozal şol adanyň eýeçiligi we türkmen-owgan serhediniň kesgitlenmegi babatda iki ýurduň ýerli resmileriniň arasynda dürli gepleşikler geçirilipdi, emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan garkynlylar, şol gepleşiklere garamazdan, Türkmenistanyň ada eýe çykmagynyň ýerli ilat arasynda gahar- gazabyň döremegine sebäp bolýandygyny habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:31 0:00

XS
SM
MD
LG