Sepleriň elýeterliligi

Rus oppozisioneri Boris Nemsow öldürildi


Nemsow golaýda Putiniň özüni Ukrainadaky urşa garşylygy sebäpli öldürmeginden howatyr edýändigini dile getirdi.

Nemsow golaýda Putiniň özüni Ukrainadaky urşa garşylygy sebäpli öldürmeginden howatyr edýändigini dile getirdi.

Görnükli rus oppozision syýasatçysy, premýer-ministriň ozalky orunbasary Boris Nemsow Moskwada atylyp öldürildi. Bu waka prezident Wladimir Putiniň hökümetine garşy planlaşdyrylan protestden iki gün öň boldy.

Orsýetiň Içeri işler ministrligi Nemsowyň Kremliň golaýynda, 27-nji fewral güni giçlik, Uly Daşköpriniň üstünden barýarka öldürilendigini tassyk etdi.

Boris Nemsowyň jesedi

Boris Nemsowyň jesedi

55 ýaşyndaky Nemsow Putiniň berk tankytçysydy, ol hökümetiň netijesizligini, giň ýaýran korrupsiýany we Kremliň Ukraina babatdaky syýasatyny berk tankyt edýärdi.

Nemsow Soçide geçiriljek Gyşky Olimpiada oýunlaryndan öň, bu çärä görülýän taýýarlygyň çägindäki köpçülikleýin korrupsiýa barada çap edilen hasabatyň awtory boldy.

Ol, öz aýtmagyna görä, Orsýetiň gündogar Ukrainadaky separatist pitneçiligine göni gatnaşygyny subut edýän dokumentiň üstünde işleýän eken.

Boris Nemsow Boris Ýelsin bilen

Boris Nemsow Boris Ýelsin bilen

Ukraina we Günbatar Putini gündogar Ukrainadaky urşuň arkasynda durmakda aýyplady, emma rus lideri bu aýyplamany ret edýär.

Nemsowyň aklawçysy Azatlyk radiosynyň Rus gullugyna onuň, mäşäni kimiň gysandygyna garamazdan, Orsýetiň syýasy režiminiň pidasy bolandygyny aýtdy.

Nemsow golaýdaky interwýularynyň birinde Putiniň özüni Ukrainadaky urşa garşylygy sebäpli öldürmeginden howatyr edýändigini dile getirdi.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Ýelena Alekseýewa metbugata Nemsowyň ukrainaly zenan tanşy bilen gidip barýarka, maşynly gelen nämälim hüjümçiler tarapyndan, arkasyndan atylan dört ok bilen öldürilendigini aýtdy.
Onuň ýanyndaky aýala ok degmändir.

Sosial ulgamlarda jenaýatyň bolan ýerinde birnäçe gül çemeniniň goýlandygy görkezilýär.

Kremliň gapdaljagynda amala aşyrylan bihaýa ganhorluk anti-Putin žurnalist Anna Politkowskaýanyň 2006-njy ýylda Moskwada, Putiniň doglan gününde atylyp öldürilişini ýada saldy.

Putin Nemsowyň öldürilmegini ýazgarmakda çalasynlyk görkezdi. Onuň sözçüsi Dmitriý Peskowyň sözlerine görä, Putin bu «wagşy ganhorlukda» «hakyna tutulan jelladyň ganhorlugynyň ähli alamatynyň» bardygyny aýdypdyr we ony prowakasiýa atlandyrypdyr, ýagny bu işiň hökümetiň abraýyny gaçyrmak üçin edilendigini ýaňzydypdyr.

Boris Nemsow Soçi Olimpiadasyndaky korrupsiýa barada çykyş edýär. Waşington, 30-njy ýanwar, 2014

Boris Nemsow Soçi Olimpiadasyndaky korrupsiýa barada çykyş edýär. Waşington, 30-njy ýanwar, 2014

Küşt çempiony we Putiniň başga bir tankytçysy Garri Kasparow Peskowyň beýanatyna reaksiýa bildirip, twitterde şeýle diýdi:

'[Žurnalist Anna] tüpeňlenip öldürildi. [Malaýziýa Howaýollarynyň uçary] MH17 [gündogar Ukrainadaky konflikt zonasynyň ýokarsynda] atylyp uruldy. Indi bolsa Boris öldi. Hemişe bolşy ýaly, Kreml oppozisiýany, ýa-da CIA-ny (Merkezi Aňtaw agentligi), ýa başga birini günäkärlär.'

Nemsow Putiniň dolandyryşyna garşy planlaşdyrylan protestiň iki gün öňünden öldürildi. Guramaçylar bu protestiň soňky aýlardaky iň uly ýygnanyşyk bolmagyna umyt baglaýarlar.

Peskow Putiniň gynanç bildirendigini we derňew komitetleriniň ýolbaşçylaryna ýörite derňew toparyny döretmegi hem-de barlaglary şahsy gözegçiliklerinde saklamagy buýrandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň beýanatynda «ABŞ-nyň Boris Nemsowyň wagşylyk bilen öldürilmegini ýazgarýandygy» aýdylýar.

Ak tamyň beýanatynda rus hökümetiniň «çalt, bitarap we açyk-aýdyň derňew» geçirmegine hem-de «günäkärleri jogapkärçilige çekmegi üpjün etmegine” çagyrylýar. Şeýle-de beýanatda Nemsowyň maşgalasyna, «öz hukuklaryny goraýjylaryň iň bir berlen, iň bir dilewar wekilleriniň birini ýitiren rus halkyna» çuňňur gynanç bildirilýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň aýrybaşga beýanatynda Nemsowyň "öz ömrüni has demokratiki, has abadançylykly we açyk Orsýete bagyşlandygy» aýdylýar.

Kerri Nemsowyň «Orsýeti özgertmekçi we açmakçy bolandygyny, Orsýetiň halkynyň öz ýurtlaryndaky durmuşlary barada has kän aýdyp bilmek hukugyna eýe bolmagyny gazanmaga çalşandygyny” aýtdy.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko Nemsowy şahsy dost we iki ýurduň arasyndaky «köpri» atlandyrdy.

​Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG