Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda 'saglyk we bagt' aýy geçiriler


TDH, Türkmen döwlet habarlar gullugy Bütindünýä Saglyk gününe gabat, Türkmenistanda 2015-nji ýylyň 1-nji aprelinden 30-njy apreli aralygynda köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleriniň geçiriljegini habar berýär.

Bu çäreler ýurduň prezidentiniň 2014-nji ýylyň ýanwarynda gol çeken karary esasynda, «Saglyk we bagt» şygary astynda geçiriler.

Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde aýdylmagyna görä, bir aýyň dowamynda 55 ýaryş, 15 sany uly sport-medeni çäresini geçirmek planlaşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG