Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaçgak bankir 'çeşmelerini' açmaly


Düýbi Londonda ýerleşýän şikaýat sudunyň karary rus tütjaryny öz bank hasaplaryna gelýän girdejileriň çeşmeleri barada has kän maglumat bermeli etdi.

Londonyň Ýokary sudy iýun aýynda bir zaman «Kremliň kassiri» adyny alan Sergeý Pugaçewyň dünýä ýüzündäki 2 milliard dollar çemesi emlägini, Orsýetiň Ätiaýaçlyk goýumlary agentliginiň talabyndan soň, doňdurmaly diýen karar çykardy.

Rus agentligi ony Mežprombankdan, ýagny Halkara senagat bankyndan 1 mlliard amerikan dollarynyň bikanun çykarylmagyna ilteşiklilikde aýyplaýar.

Bu bank 2010-njy ýylda batýandygy barada arza beripdi. Pugaçew bu banka 2002-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk etdi we onuň egindeş eýesi boldy.

Ol täsirli rus syýasatçysydy we 2001-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli, garşysyna derňew işleri başlanýaça Orsýetiň parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy bolupdy.

Şondan soň ol Londona bosgunlyga çykdy we Moskwa sudy Pugaçewi ogurlyk aýyplamalary esasynda tussag etmek barada karar çykardy.

XS
SM
MD
LG