Sepleriň elýeterliligi

Nemsowyň partiýasynyň agzasy talandy


Orsýetiň Respublika partiýasynyň - Halk Azatlyk partiýasynyň Talýattidäki ýerli bölüminiň egindeş başlygy Andreý Balin urlup-enjildi we talandy.

Balin 27-nji fewral güni giçlik öýüne dolananda hüjüm sezewar boldy. Näbelli hüjümçiler oňa ýaşaýan jaýynyň girelgesiniň golaýynda topuldylar we elindäki laptop kompýuterini ogurladylar.

Balin feýsbukda rus hökümetiniň syýasatyny, hususan-da prezident Putini tankyt edýän materiallary yzygiderli çap edýärdi.

Polisiýa hüjümçileriň Baliniň kompýuterini ogurlamagy maksat edinendiklerini aýtdy.

Bu hüjüm Orsýetiň Respublika partiýasynyň - Halk Azatlyk partiýasynyň liderleriniň biri Boris Nemsowyň öldürilmeginiň öň ýanlarynda boldy.

XS
SM
MD
LG