Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: sowukdan 229 adam öldi


BMG merkezi we demirgazyk-gündogar Owganystanda soňky günler adatdan daşary sowuk howa, gar süýşmeleri we sil zerarly azyndan 229 adamyň ölendigini aýdýar.

BMG-niň Ynsanperwer kömeklerini utgaşdyrýan edarasy 27-nji fewralda adam ölümine getiren hadysalaryň azyndan 18 welaýatda bolandygyny, ýüzlerçe adamyň bolsa öýsüz galandygyny aýtdy.

Panjşir welaýatynda bolsa, agyr düşen gar zerarly dörän gar tolkunlary 100-den gowrak jaýy weýran etdi.

XS
SM
MD
LG