Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Boris Nemsowyň öldürilmegi ýazgarylýar


Peterburg: Boris Nemsowyň hormatyna guralan ýygnanyşyk
Peterburg: Boris Nemsowyň hormatyna guralan ýygnanyşyk

Rus oppozisiýa lideri Boris Nemsowyň atylyp öldürilmegi hem Orsýetiň içinde, hem daşary ýurtlardaky dünýä liderleri, halkara hukuk toparlary tarapyndan berk ýazgarmalara sebäp boldy. Olaryň hemmesi biragyzdan bu jenaýatyň gyssagly derňelmegine we günäkärleriň jogapkärçilige çekilmegine çagyrdylar.

Orsýetde ýurt içindäki syýasy toparlaryň görnükli wekilleri bu jenaýaty ýazgaryp çykyş etdiler. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem Nemsowyň öldürilmegini ýazgarmakda çalasynlyk görkezdi.

Ozalky sowet lideri Mihail Gorbaçew Nemsowyň öldürilmeginiň «ýurtdaky ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga hem Günbatar bilen gapma-garşylygy güýçlendirmäge gönükdirilendigini” aýtdy.

Kiýewliler B.Nemsowy hatyralaýar, 28-nji fewral, 2015
Kiýewliler B.Nemsowy hatyralaýar, 28-nji fewral, 2015

Orsýetiň oppozisiýadaky kanun çykaryjysy we «Adalatly Orsýet» partiýasynyň lideri Sergeý Mironow bu ganhorlugy «Orsýetdäki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak isleýänler tarapyndan gurnalan açyk prowakasiýa» diýip atlandyrdy.

«Adalatly Orsýet» partiýasyndan Dmitriý Gudkow twitterde «bu açyk syýasy ganhorluk, eger bu buýrulmadyk bolsa, onda biziň häkimiýetlerimiziň propagandasynyň önümi bolan ýirenjiň netijesidir» diýip ýazdy.

Orsýetiň Kommunistik partiýasynyň lideri Gennadiý Zýuganow bu hadysany derhal derňemegiň örän möhümdigini aýtdy we kimdir biriniň Orsýetde syýasy uçgun döretmeklige synanýandygyny duýdurdy.

Kremliň Adam hukuklary geňeşiniň başlygy Mihail Fedotow geňeşiň websaýtynda Nemsowyň öldürilmegi «tutuş Orsýete atylan ok» diýen habary ýerleşdirdi.

Ozalky rus tütjary, bosgunlykda ýaşaýan Mihail Hodorkowskiý öz maşgalasynyň ýas tutýandygyny aýdyp, «ony hemmämiz söýýärdik, ... ol örän gowy oglandy» diýip, twitterde ýazdy.

Boris Nemsow, Minsk, 2013 ý.
Boris Nemsow, Minsk, 2013 ý.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland munuň «korrupsiýa garşy göreşe berlen, demokratiýanyň ýürekli we armazak goragçysyny öldüren «ýigrenji ganhorluk» bolandygyny aýtdy.

German kansleri Angela Merkel prezident Putine telefon edip, bu ganhorlugyň derňelmegini hem-de günäkärleriň jogapkärçilige çekilmegini üpjün etmäge çagyrdy.

Ýewropa Bileleşiginiň Orsýetdäki delegasiýasynyň başlygy Wygaudas Usackas özüniň Nemsowyň öldürilmeginden «şok bolandygyny» aýtdy we rus häkimiýetlerini gyssagly derňew geçirmäge hem-de jogapkärleri tapyp, suda çekmäge çagyrdy.

ABŞ-nyň Orsýetdäki ozalky ilçisi Maýkl MakFaul (Michaýel McFaul) twitterde: 'Nemsow hakyky watançydy, ol Orsýetiň mümkinçiliklerine we beýikligine ynanýardy. Men indi iki zat, hem onuň maşgalasy, hem şeýle söýen ýurdy üçin aglaýaryn» diýip ýazdy.

Ýewropa geňeşiniň baş sekretary Thorbjorn Jagland hem twitterde reaksiýa bildirdi: "Men esasy oppozisiýa lideri Boris Nemsowyň öldürilmegine aňk boldum. Ganhorlar jogapkärçilige çekilmelidir.»

Gürjüstanyň ozalky prezidenti Mihail Sakaşwili bu habara gynanjyny mälim edip, özüniň Nemsowy 20 ýyl çemesi wagt bäri tanaýandygyny we ony hakyky rus watançysy hasaplaýandygyny aýtdy.

"Human Rights Watch" rus häkimiýetlerini bu jenaýaty hemme taraplaýyn we bitarap derňemäge çagyrdy.

ÝHHG-nyň Parlament assambleýasynyň prezidenti Ilkka Kanerwa hem beýanat çap edip, bu iş boýunça çalasyn we töwerekleýin derňew geçirilmegine çagyrdy. Ol Boris Nemsowyň Orsýet we onuň halky üçin nämäniň gowy boljakdygy baradaky ynamy ugrunda göreşen, öz işi sebäpli başyna geljek howp-hatary doly bilen hyjuwly adam hökmünde ýatlanjakdygyny hem sözüne goşdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG