Sepleriň elýeterliligi

Markeziň arhiwi näçä satyldy?


Gabriel Garsia Markez

Gabriel Garsia Markez

Nobel baýragynyň eýesi Gabriel Garsia Markeziň satylan arhiwiniň bahasy aýan edilipdir.

Türkiýäniň “Hürriýet” gazýetiniň ýazmagyna görä, Teksas uniwersitetiniň Harri Ransom merkeziniň metbugat geňeşçisi, Markeziň 10 romanynyň asyl nusgalary bilen bilelikde bütin arhiw üçin 2,2 million dollar töländiklerini aýdypdyr.

Arhiwiň alnan bahasy näme üçin gizlin?

Ýazyjy aradan çykandan soň Teksas uniwersiteti onuň şahsy arhiwini satyn alypdyr we, geljekdäki şeýle satuw işlerine täsir ýetirmez ýal, tölegiň mukdaryny aýan etmezlige karar beripdir.

Emma bu ýylyň 19-njy fewralynda Adalat ministrligi uniwersitetden tölegiň mukdarynyň aýan edilmegini isläpdir.
Arhiwde näme bar?

Ýarym asyrlyk bir döwri öz içine alýan 2 müň eksponatdan ybarat bolan arhiwde 40-dan köp fotoalbom, iki sany "Smith Corona" kysymly hat ýazylýan enjam (maşinka), 5 sany kompýuter we ýarym galan "Bir-biregi awgustda görjekdik" atly roman bar.

Arhiwde dünýäniň dürli ýurtlarynda 25 dile terjime edilen we 50 milliondan köp satylan "Ýüz ýylyň ýalňyzlygy" atly eseriň asyl nusgasy hem bar.

Markeziň Graham Greene, Mian Kundera, Günter Grass we Karlos Fuentes ýaly ýazjylara iberen hatlary we ýazyjynyň ýakyn dosty Fidel Kastro bilen baglanşykly dokumentleri hem arhiwe goýlupdyr.

Gabanjaňlyk etdiler...

Geçen ýyl Markeziň arhiwiniň Teksas uniwersitetine satylmagyna Kolumbiýa we Meksika närazylyk bildiripdir.

Markeziň maşgalasy bolsa, Kolumbiýa hökümetiniň ony almak üçin hiç hili alada hem etmändigini, arhiwiň auksiýona çykarylmandygyny, dünýä belli edebiýat arhiwi hasaplanýandygy üçin Ransom merkezine satylandygyny bildiripdir.

Ransom merkezinde başga kimiň arhiwi saklanýar?

Ransom merkezi 2005-nji ýylda "Voterqeyt" dokumentleri üçin žurnalistler Bob Woodward we Karl Bernsteine 5 million dollar, 2008-nji ýylda Nobel baýragyny alan Norman Maileriň arhiwi üçin 2,5 million dollar we 2011-nji ýylda Günorta Afrikaly ýazyjy J.M.Coetzeeniň arhiwi üçin hem 1,5 million dollar töläpdir.

Harri Ransom merkezinde Jorge Luis Borges, William Faulkner, James Joyce, Samuel Beckett, Ernest Hemingway we John Steinbeck ýaly 20-nji asryň tanymal ýazyjylarynyň arhiwleri saklanýar.

Arhiw nirede görkeziler?

Markeziň şahsy arhiwi Harri Ransom merkezindäki ylmy kitaphanada halk köpçüligine görkeziler.

Markez 2014-nji ýylyň 17-nji aprelinde 87 ýaşynda dünýeden ötüpdi.

XS
SM
MD
LG